Bağış

Turuz masraflarını karşılaya bilmemiz için yeni yılda Turuza destek olmak için [email protected] ile irtibata geçin.

Bağışlarınızı bu E-postaya bildirin: [email protected]

Bank kart bilgileri:

6104 3373 5031 8547

Iran Millet Bank

TÜRKMEN DILININ DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜGI - Türkmen Dili Sözlüğü

41818
0
2016/5/2
Number of votes 31
Voting results 6

TÜRKMEN DILININ DÜŞÜNDIRIŞLI  SÖZLÜGI

Türkmen Dili Sözlüğü

------------

SÖZLÜGIN GURLUŞY HAKYNDA  

 “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine” häzirki zaman türkmen dilinde giň gerimde ulanylýan işjeň sözler, adalgalar we durnukly söz düzümleri girizildi. Sözlük Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň  ylmy işgärleriniň onlarça ýyllaryň dowamynda halkyň arasyndan  ýygnap alan sözleriniň esasynda düzüldi.  Sözlüge girizilen baş sözler elipbiý tertibinde ýerleşdirilip, türkmen diliniň ulanylyş gerimi we sözleriň aňladýan manylary hasaba alnyp düzülen sözlük makalalaryndan ybaratdyr. Ol uly göwrümli düşündirişli sözlüklere degişli bolup, häzirki döwrüň dil aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpli akademiki kadalaşdyryjy leksikografik derňewdir.  

Sözlükde baş söz edilip, özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna girýän atlar, sypatlar, işlikler, sanlar, çalyşmalar, hallar hem-de kömekçi häsiýetli sözsoňular, baglaýjylar, ümlükler, modal (ugrukdyryjy) sözler we ses hem şekil aňladýan sözler öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, atlaryň hemmesi baş düşümde, birlik sanda alnyp,  işlikleriň ähli derejeleri - ýükletme, gaýdym, özlük, şäriklik derejeleri bilen bir hatarda sypatlaryň - artyklyk, kemlik, deňeşdirme we söýgülik-kiçilik derejeleri öz şöhlelenmesini tapdy. Mukdar we tertip sanlara hem sözlükde uly orun berildi. Jyns atlar setir başynda gelen ýagdaýyndan başga halatda setir harpy bilen, has atlaryň hemmesi bolsa ýazuw kadalaryna laýyklykda baş harp bilen ýazyldy.  

Türkmen elipbiýinde uly gara harplar bilen ýyglan baş sözden soň, göni burçly ikigyraň (kwadrat) ýaýyň içinde olaryň dogry aýdylyşy, çekimlileriň uzynlygy iki nokat [:] belgisi arkaly, çekimsizleriň özara meňzeşleşmesi, dodak, inçe we ýogyn çekimlileriň söz içindäki sazlaşygy görkezildi. Soňra baş sözleriň haýsy söz toparyna degişlidigi kesgitlenildi. Sözlük makalasynda dürs ýazylýan baş sözden we göni burçly ikigyraň (kwadrat) ýaýyň içinde getirilýän sözleriň dogry aýdylyşyndan soň olaryň ähli manylary boýunça giň düşündiriş berildi hem-de olar gyýa (kursiw) harplar bilen ýazylan tassyklaýjy mysallar arkaly delillendirildi. Düşündirişlerden soň täze setirde pişme (romb) belgisi goýlup, baş söz bilen baglanyşykly türkmen diliniň durnukly söz düzümleri (frazeologizmler) elipbiý tertibinde getirildi hem-de olar manylary boýunça düşündirilip, berkidiji mysallar bilen  tapawutlandyryldy.  

The publishing year:
2016 (Anno Domini/AD)
File Type:
PDF Document
Written or Spoken Language:
Türkmen

 Sayın oxucular!
Turuz sitesi bir kültürəl ocaq olaraq dilçiliklə bağlı qonulardan danışır. Bu sitə dilçiliklə bağlı dəyərli bilgilər verməkdədir.Dilimizin tarixi və etmolojisi sahəsində çalışan bu sitə, sözlərin kökü və etimolojisi haqqında, başqa sitələrdən dəyişik olaraq, eyləmlə(fe'l) bağlı anlamların açıqlayır.
Sitəmizdə dilçiliklə bağlı bir çox kitab,sözlük, yazılar əldə edib oxuyabilərsiniz. Umuruq ki bu sitə, siz dəyərli, sayın oxucular yardımıyla, dilçilik qollarının gəlişməsi, yüksəlişi yolunda bir addım götürəbilsin.
Bey Hadi ([email protected])
Təbriz